- gürleşmek
- işlikPikir alyşmak maksady bilen gepleşmek, gürrüň edişmek, sözleşmek.∙ Eziz Artygy ýanyna çagyryp, onuň bilen mylaýym gürleşmek küýine düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ine oturgyçda otyr gürleşip, Bag astyna goşa gül biten ýaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Gürleşip meniň bilen hal-ahwalym sorady. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)∙ Ol meniň bilen çaý içip, gürleşmäge başlady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.